Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Gadamlary şöhrat-şanly, täze döwre ykbal bedew» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler Türkmen halky taryhyň ähli döwürlerinde owadanlygy, ýyndamlygy, eýesine wepalylygy bilen göreni haýran edýän bedewlerimize uly sarpa goýýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de nusgawy şahyrlarymyz behişdi bedewlerimizi wasp edip goşgudyr, gazallary ýazyp, gözellikde deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleriniň waspyny edendiklerini, türkmen toýlarynyň bezegi ahalteke bedewleriniň şan-şöhratynyň barha artýandygy barada söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda behişdi bedewleriň waspyny dünýä ýaýýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.