logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

GADAMY BATLY BEDEW

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Altyn asyr” teleýaýlymy, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller institutynyň talyplary we mugallymlary bilen bilelikde “Gadamy batly bedew” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler: Türkmen halkymyzyň milli buýsanjy hem şöhraty hasaplanylýan türkmen bedewiniň ajaýyp gözelligi ,onuň ynsanyňky ýaly duýgurlygy barada söhbet etmek bilen Gahryman Arkadagymyzyň türkmen bedewleri hakynda ýazan gymmatly kitaplary barada giňişleýin durup geçdiler. Gahryman Arkadagymyzyň “Gadamy batly bedew” atly ajaýyp kitaby maglumatlara baýlygy, wakalaryň düýpli hem-de düşnükli beýan edilmegi bilen tapawutlanýar diýip uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler ajaýyp döwrümiziň bezegine öwrülen behişdi bedewlerimiz baradaky aladany dünýä derejesine çykaran, türkmen halkynyň ykbalyny galkyndyryp, bagtyýarlyk döwrüniň bagtyna guwanyp, eşretli durmuşda ýaşaýan halkymyza döwletli-döwrany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!