logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

GADAMY BATLY, TARYHY ŞÖHRATLY–BEDEW!

GADAMY BATLY, TARYHY ŞÖHRATLY–BEDEW!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi we adamzat siwilizasiýasynyň gymmatly genji hazynasy bolan, dünýä atçylyk medeniýetine uly üns berilýär. “At agynan ýerde toý bolar” diýilişi ýaly şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewleriniň asyl mekanynda, gadymy topragyň juwan şäheri ýagny Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky atçylyk sirkinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monakonyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda halkara baýraklara, hususanda Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara eýe bolmaklary mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi.

Dabarada türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň adyndan 17 müň ýewro möçberinde pul baýragy gowşuryldy. Şeýle hem dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhammedowyň adyndan hem 3 million manat möçberinde pul bilen sylaglanyldy. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy tarapyndan bu toparyň agzalaryna “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky “Daýanç” sagaldyş merkezine 10 günlik ýollanma, döwrebap tehnologik enjamlar toplumy, sport egin-eşikler toplumy we haly gowşuryldy. Gahryman Arkadagymyzyň: “Kim bedewe yhlas etse, onuň ady bedewiň ady bilen ebedi ýaşaýar” diýip, belleýşi ýaly “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň seýsi topar ýolbaşçysy Serdar Pygyýewiç Pygyýewe «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy”»diýen hormatly ady dakyldy. Dabaranyň dowamynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň sirk artistleriniň medeniýet we sungat işgärleriniň ýerine ýetiren çykyşlaryna tomaşa edildi. Parahatçylygyň kepili bolan ak kepderiniň altyn kubaga baryp gonmagy dabara gatnaşan myhmanlarda uly täsir galdyrdy.

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylymyzyň ilkinji aýynda şeýle uly üstünliklerimiz dowamly bolup, ata Watanymyzyň ösüşleri mundan beýläkde-de bedew bady bilen barha öňe gitsin. Şeýle tutumly işleriň sakasynda duran behişdi bedewlerimize aýratyn üns berýän, olary ýaş nesilleriň arasynda bedew ata we atçylyk sportuna söýgüni we gyzyklanmany artdyrmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!



Maksat KERIMOW



«Watan mukaddesligi» muzeýiniň Direktory