Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmegi, ýurdumyzyň halkara giňişlikdäki parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwer başlangyçlarynyň aýdyň beýany bolup durýar. 2024-2025-nji okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli ikinji ýarymýyllygynyň ilkinji okuw sapagy ýokary derejede guramaçylykly geçirilýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza sowgat eden «Magtymguly–dünýäniň akyldary» atly täze eseri türkmen döwletliligini berkarar etmekde nusgalyk işleri bitiren akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyraga hem-de beýleki ençeme taryhy şahsyýetlerimize goýulýan beýik hormatyň aýdyň nyşany. Hormatly Prezidentimiz täze kitabynda taryhy maglumatlary, çeper keşpleri hem-de filosofik pikir ýöretmeleri ussatlyk bilen sazlaşdyrýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistan parahatçylygy, durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça oňyn syýasaty durmuşa geçirilýär. Bu başlangyç diňe bir milli çäkde däl, eýsem, halkara forumlary, maslahatlary we beýleki çärelere gatnaşygy arkaly bütin dünýä derejesine giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar.
Biziň ýokary okuw jaýymyzda 2025-nji ýylda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly şygary dabaralandyrmak maksady bilen dürli halkara çäreler, maslahatlar we beýleki çäreler guralar. Bu başlangyç diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem, bütin dünýä jemgyýetçiliginiň parahatçylykly we ynanyşmaga esaslanýan geljege bolan ymtylyşlaryna hyzmat eder.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda beýik işler durmuşa geçirilýär.
Türkmenistanyň bu ugurdaky işjeňligi halkara giňişlikde ýurduň abraýyny has-da belende göterer we halkara hyzmatdaşlygyň täze belentliklere galmagyna ýardam berer. Konserwatoriýanyň ýaş zehinli talyplary öz gezeginde türkmen milli medeniýetini dünýä ýaýmakda öz goşantlaryny goşjakdygyny ynandyrýarlar. Şeýle bagtyýarlyklaryň başynda duran, halkyň arzuw-umytlaryny myrat edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, beýik işleri rowaç bolsun! Beýik ösüşlere beslenýän eziz Diýarymyz gülläp össün!