logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Gadymy Margiana bagyşlanan maslahat

2026-njy ýylyň 12-14-nji iýuny aralygynda Şweýsariýanyň Bern şäherinde «Togolok arheologiýa toplumyndaky soňky barlaglaryň nukdaýnazaryndan Beýik Horosan siwilizasiýasy (GKС)» atly maslahaty geçirildi. Bu maslahata Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň başlygy Muhametdurdy Mamedow hem-de «Gadymy Merw» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýolbaşçysynyň orunbasary Annamyrat Orazow gatnaşdy.

Maslahata Germaniýa Federatiw Respublikasyndan Italiýa Respublikasyndan Fransiýa, Russiýa Federasiýasy, Gazagystan, Şweýsariýa döwletlerinden türkmen topragynda ýerleşýän gadymy Margiana siwilizasiýasyny öwrenýän belli tanymal alymlar gatnaşyp, gadymy Margiananyň gözbaşynyň gelip çykyşy hem-de täze toplanan ylmy maglumatlar boýunça pikir alyşdylar.

Meşhur arheolog Wiktor Sarianidi tarapyndan üsti açylan Margiananyň Müsür, Mesopotamiýa, Hytaý we Hindistan bilen deň hatarda gadymy siwilizasiýalaryň bäşisiniň biri bolup durýandygyny ýeri gelende nygtamak isleýäris.

Häzirki wagtda hem gadymy Margiananyň dünýädäki meşhurlygy gülläp ösen döwründäkisinden pes däldir. Çünki gadymy Margiana häzirki wagtda-da dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde.

Türkmen medeniýetini dünýä ýaýmakda uly işleri amala aşyrýan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlar aýdýarys! Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, belent maksatlary hemişe rowaç bolsun!