logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

«Gadymy Merw» taryhy-medeni döwlet goraghananyň ýadygärliklerine syýahatçylyk gezelenji guraldy

Ýurdumyzyň taryhy we medeni ýadygärliklerine syýahatçylary çekmek boýunça alnyp barylýan işleriň has-da netijeli bolmagyny gazanmak hem-de içerki syýahatçylygy ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Syýahatçylyk müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň bilelikde guramagynda, 2026-njy ýylyň 19-21-nji awgusty aralygynda Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän «Gadymy Merw» taryhy-medeni döwlet goraghananyň ýadygärliklerine içerki syýahatçylyk gezelenji guraldy.

Syýahatçylyk gezelenjine Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary, şeýle hem, Baýramaly we Garagum etraplarynyň medeniýet işgärleri gatnaşdylar. Syýahatyň dowamynda syýahatçylara Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligiň hünärmenleri gadymy ýadygärlikleriň taryhy we giň ähmiýeti barada örän täsirli gürrüňleri berdiler. Şeýle hem, bu syýahat gezelenji “Miras” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.