logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

GADYMY NUSAÝ

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň şeýle hem Arkadag teleýaýlymyň gurnamagynda, Arkadag şäheriniň taryhy-medeni seýilgähinde «Gadymy Nusaý» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň medeniýet ulgamynda, taryhy ýadygärliklerimizi dikeltmek ugrunda alyp barýan uly işleri barada şeýle hem Nusaý galasynyň Türkmenistanyň iň möhüm taryhy ýadygärlikdigi, 2007-nji ýylda Nisa ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendigi barada we Nusaý galasy barada birnäçe rowaýatlar hakynda gyzykly söhbetli gürrüňler edildi.

Çäräniň ahyrynda medeniýetimizi, milli mirasymyzy, edebiýatymyzy dünýä ýaýmakda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.