logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

GADYMY SUNGATA BAGYŞLANDY

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde ýetip gelýän Türkmen halysynyň baýramy hem-de Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli söhbetdeşlik guraldy. Söhbetdeşligi «Miras» teleýaýlymynyň alyp baryjysy Merdan Mädalyýew alyp bardy. Mälim bolşy ýaly, halkymyzyň milli mirasy bolan haly sungatyna, eli hünärli halyçylara aýratyn hormatyň nyşany hökmünde milli senanamamyzda möhüm orun eýeleýän türkmen halysynyň baýramçylygy irginsiz zähmetleri bilen gaýtalanmajak gözellik döredýän zehinli zenanlaryň şanyna guralýar. Medeni mirasymyzyň iň ajaýyp sungat eseri hökmünde barha kämilleşdirilýän türkmen halysynyň nepisligi, gözelligi barada muzeýiň esasy hünärmeni Aýjemal Gatyýewa giňişleýin gürrüň berdi. Türkmen gelin-gyzlarynyň uz barmaklarynyň gudratyndan döreýän haly önümleriniň halkymyzyň durmuşyny bezeýändigini belledi. Görenleriň ünsüni özüne çekýän halylaryň nusgawy nagyşlary, ýüňden we ýüpekden dokalýan halylar, gözel tebigatymyz, ahalteke bedewleri we dürli şekiller janlandyrylan halylar hakynda rowaýata öwrülen gürrüňleri has-da täsirli boldy.