logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

GADYMYÝETDEN GÖZBAŞ ALÝAN NOWRUZYM

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy bilen bilelikde Arkadag şäher medeniýet toplumynda “Arkadag” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde “Gadymyýetden gözbaş alýan Nowruzym” – atly Milli Bahar baýramy – Halkara Nowruz gününe bagyşlap, edebi-sazly duşuşyk geçirdi.

Örän irki taryhy döwürlerinden bäri uly joşgun, ruhubelentlik bilen bellenilip ýeriň janlaşynyň, tebigatyň jana gelişiniň beýik şatlygyna öwrülen Nowruzyň gelmegi bilen baglanyşykly dörän ajaýyp däp-dessurlar halkyň taryhy, özboluşly dünýägaraýşy bilen mäkäm baglanyşykly. Nowruz baýramynyň milli medeniýetiň hazynasynda tutýan ornuny ebedileşdirmek, dünýä halklarynyň medeniýetliliginiň dürli-dürliligini gorap saklamak hem-de onuň umumadamzat bähbitli taraplaryny dünýä ýaýmak maksady bilen, Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna goşuldy. Ine şular dogrusynda kitaphana hünärmenleri täsirli gürrüňleri berdiler.

Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörüte sungat mekdebiniň mugallymlarynyň talyp ýaşlarynyň ýerine ýetiren halk aýdymlary çärämize aýratyn bezeg berdi. Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar bu baýramyň hormatyna toýlanylýan giň gerimli dabaralara ýokary ruhubelentlik halkymyza mahsus bolan ynsanperwer ýörelgelerden çuňňur ähmiýet berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan etdiler.