19-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Gahryman Arkadagymyz hem-de wise-prezident Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan mähirli salamlaşyp, dost-doganlyga esaslanýan hem-de yzygiderli ösdürilýän türkmen-emirlikler gatnaşyklarynyň ýokary derejesine kanagatlanma bildirdiler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri söhbetdeşligiň başynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny beýan etdi hem-de pursatdan peýdalanyp, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýana, wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktuma mähirli salamyny ýetirmegini haýyş etdi.
Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan, özgezeginde, Gahryman Arkadagymyzyň iki dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki şahsy goşandyny belledi hem-de BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň, wise-prezidenti, Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktumyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa salamyny ýetirdi. Şeýle-de wise-prezident mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyza iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
«Türkmenistan» gazeti