29-njy dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Gahryman Arkadagymyz we Özbegistanyň Prezidenti birek-biregi ýetip gelýän täze-2026-njy ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, iki ýurduň doganlyk halklaryna ösüş hem-de abadançylyk arzuw etdiler. Pursatdan peýdalanyp, Prezident Şawkat Mirziýoýew hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Milli Liderimiz telefon arkaly söhbetdeşligi geçirmek başlangyjy üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirdi we Täze ýylyň öňüsyrasyndaky bu söhbetdeşlige berk özara dostlugyň nyşany hem-de iň gowy arzuwlary beýan etmek üçin mümkinçilik hökmünde garaýandygyny aýtdy. Gahryman Arkadagymyz Özbegistanyň geljek ýylda-da Garaşsyzlygyny, döwletliliginiň esaslaryny, hukuk ulgamyny has-da berkitjekdigine, milli ykdysadyýetini okgunly ösdürjekdigine, durmuş ulgamynyň işini kämilleşdirjekdigine ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri goňşy ýurduň döwlet Baştutanynyň 26-njy dekabrda Özbegistanyň parlamentine we halkyna ýüzlenmesinde 2026-njy ýyly «Mahalleleri ösdürmek we jemgyýeti özgertmek ýyly» diýip yglan etmeginiň ähmiýetini belledi. Nygtalyşy ýaly, şeýle çözgüdiň kabul edilmegi özbek jemgyýetiniň milli bähbitlerine, zerurlyklaryna we mümkinçiliklerine laýyk gelip, Prezident Şawkat Mirziýoýewiň Özbegistanyň döwlet, jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlaryny sazlaşykly ösdürmegi maksat edinýän syýasy ugruny netijeli dowam etdirmäge gönükdirilendir.
Gahryman Arkadagymyz özbek Lideriniň taryh üçin gysga döwrüň içinde bu ugurda uly işleri durmuşa geçirendigini we muňa anyk netijeleriň güwä geçýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri 2025-nji ýylyň makroykdysady görkezijilerini mysal getirip, Özbegistanyň jemi içerki önüminiň 145 milliard amerikan dollaryndan geçendigini, munuň ýurduň ykdysady ösüşiniň möhüm görkezijisidigini nygtady.
Bellenilişi ýaly, geljek ýylda garaşylýan 6,6 göterim möçberindäki ykdysady ösüş depgini ýurduň döwlet Baştutanynyň Özbegistany ýakyn ýyllarda girdejisi ortadan ýokary bolan döwletleriň hataryna goşmak boýunça öňde goýan maksadyna ýetmekde ynamly öňe barýandygyny subut edýär. Şeýle-de Özbegistanyň bilim, ylym, saglygy goraýyş, lukmançylyk, sport, ekologiýa ulgamlaryny ösdürmekde gazanan netijeleri kanagatlanma bilen nygtaldy.
«Türkmenistan» gazeti