logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

GAHRYMAN ARKADAGYMYZ ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞDY

11-nji dekabrda Milli Liderimiz Halkara howa menziliniň meýdançasynda paýtagtymyza gelip gonan nobatdaky uçardan düşen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewi mähirli garşylady. Goňşy ýurduň Baştutanyna gül desseleri gowşurylyp, duz-çörek hödür edildi. Howa menzilinde Gahryman Arkadagymyz bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň gysgaça ikiçäk duşuşygy boldy.

Söhbetdeşler duşuşmaga dörän nobatdaky mümkinçilige tüýs ýürekden begenýändiklerini beýan edip, munuň özara gatnaşyklaryň depginli ösdürilýändigine şaýatlyk edýändigini bellediler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli iri halkara foruma gatnaşmaga çakylygy kabul edip, Aşgabada gelendigi üçin Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirdi. “Munuň özi Özbegistan Respublikasy we onuň doganlyk halky tarapyndan türkmen Bitaraplygyna, türkmen halkyna goýulýan belent hormatdan nyşandyr” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.

Goňşy ýurduň Baştutany çakylyk üçin hoşallyk bildirip, Aşgabatda geçiriljek iri halkara maslahatyň uly ähmiýete eýedigini nygtady. “Çünki bu forum Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik taglymatyny dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýeti bilen ünsi çeker hem-de ýurduň dünýädäki abraýyny has-da belende göterer. Şeýle-de ol halkara bileleşik tarapyndan Türkmenistana, türkmen halkyna, onuň alyp barýan oňyn Bitaraplyk syýasatyna uly hormat bilen garalýandygyny görkezer” diýip, belent mertebeli özbek myhmany aýtdy.

Söhbetdeşligiň barşynda türkmen-özbek gatnaşyklarynyň häzirki wagtda barha ösdürilýändigine üns çekilip, iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň täze derejelere çykaryljakdygyna ynam bildirildi.


«Türkmenistan» gazeti