logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

GAHRYMAN ARKADAGYMYZ RESMI SAPAR BILEN FRANSIÝA RESPUBLIKASYNA UGRADY

5-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Fransiýa Respublikasyna ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň başyny başlan giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistan Ýewropa ýurtlary, şol sanda Fransiýa Respublikasy bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär. Iki ýurduň arasyndaky döwletara hyzmatdaşlyk deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, düşünişmek esasynda alnyp barylýar. Syýasy-diplomatik ulgamda hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler yzygiderli geçirilýär. Ýurtlarymyz abraýly halkara guramalaryň, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde netijeli dialogy alyp barýarlar. Söwda-ykdysady ulgam döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugrudyr. Gurluşyk, nebitgaz, aragatnaşyk pudaklaryndaky hyzmatdaşlyk hem netijeli häsiýete eýe. Ýurdumyz milli ykdysadyýetimizi senagatlaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak bilen baglylykda, giň gerimli halkara hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berýär. Şunuň bilen birlikde, medeni-ynsanperwer ulgam ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegidir. Munuň özi döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, halklary ýakynlaşdyrmaga, medeniýetleri özara baýlaşdyrmaga ýardam berýär. Şeýlelikde, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Fransiýa Respublikasyna şu gezekki resmi sapary türkmen-fransuz dialogyny giňeltmegiň we pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim bolar.