logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

GAHRYMAN ARKADAGYMYZ TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGYNYŇ 30 ÝYLLYGYNYŇ DABARALARYNA GÖRÜLÝÄN TAÝÝARLYK IŞLERI BILEN TANYŞDY

GAHRYMAN ARKADAGYMYZ TÜRKMENISTANYŇ BITARAPLYGYNYŇ 30 ÝYLLYGYNYŇ DABARALARYNA GÖRÜLÝÄN TAÝÝARLYK IŞLERI BILEN TANYŞDY

15-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň çäklerinde iş maslahatyny geçirdi. Onda paýtagtymyzda durky täzelenilýän Bitaraplyk binasy we onuň hojalyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň möçberli işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde ýurdumyzyň ähli künjeginde, şol sanda paýtagtymyzda dürli maksatly desgalaryň gurluşygyna we ozal bar bolanlarynyň durkunyň täzelenilmegine, binalaryň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.

Milli Liderimiz ir bilen Aşgabadyň günorta künjeginde ýerleşýän we bu töweregiň özboluşly aýratynlyklary bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýän Bitaraplyk binasynyň ýanyna geldi. Gyş paslynyň tamamlanyp barýan günlerinde dag eteklerinde ýakymly howa gurşawy emele geldi. Säheriň salkyn howasy ynsan ruhuna oňaýly täsir edýär.

«Türkmenistan» gazeti