logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

GAHRYMAN ARKADAGYMYZ TÜRKMENISTANYŇ HEMIŞELIK BITARAPLYGYNYŇ 30 ÝYLLYGY MYNASYBETLI DABARALARA GÖRÜLÝÄN TAÝÝARLYK IŞLERINIŇ BARŞY BILEN TANYŞDY

24-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Bitaraplyk binasynyň ýanynda Hökümet agzalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen Guramaçylyk döwlet toparynyň hojalyk iş maslahatyny geçirdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Aşgabatda gurulýan we döwrebaplaşdyrylýan desgalaryň hem-de binalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy.

Soňky ýyllarda Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan iri möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň baş şäheriniň durky düýpli özgerdi. Şunda ýurdumyzyň welaýatlarynda we paýtagtymyzda, şeýle hem Arkadag şäherinde dürli maksatly desgalaryň gurluşygyna we ozal bar bolanlarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, şol sanda binalaryň ýanaşyk ýerleriniň göwnejaý abadanlaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär.

...Ir bilen Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzyň günorta künjeginde ýerleşýän we ýurdumyzyň abadançylygyň, parahatçylygyň we durnukly ösüşiň mekany hökmündäki derejesini ykrar eden Bitaraplyk binasynyň ýanyna geldi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesini dünýä aýan eden ajaýyp desga ak mermerli paýtagtymyzyň binagärlik keşbi bilen bir bitewi sazlaşygy döretdi. Munuň özi ýurdumyzda dürli maksatly binalaryň taslamalarynyň taýýarlanylmagyna we gurluşyk işlerine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýändiginiň we bu ugurda milli binagärlik ýörelgeleri bilen häzirki zamanyň ösen tejribesiniň utgaşdyrylýandygynyň aýdyň güwäsidir. Bu bolsa Aşgabadyň ähli ugurlar boýunça sazlaşykly ösüş ýoluna düşendigini görkezýär.

Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylyk edýän Guramaçylyk döwlet toparynyň hojalyk iş maslahatyny geçirdi. Onda paýtagtymyzda döwrebaplaşdyrylýan dürli maksatly binalarda alnyp barylýan işler, Bitaraplyk binasyny döwrebaplaşdyrmak we onuň ýanaşyk ýerlerini göwnejaý abadanlaşdyrmak bilen baglanyşykly hojalyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gahryman Arkadagymyz BMG-niň döredilenine 80 ýyl bolandygyny belläp, hemmeleri taryhy ähmiýetli şanly sene bilen gutlady.


«Türkmenistan» gazeti