logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ESERLERI–GÖRELDE MEKDEBI

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Ahal welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyň gelmeginde «Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri–görelde mekdebi» atly gezelenç geçirildi.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasynyň miweleri bolan kitaplary ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, orta okuw mekdepleriniň okuwçylary hem-de dürli edara kärhanalarda zähmet çekýän zähmetkeşler üçin gymmatly çeşme bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň her bir eserinde türkmen halkynyň we Watanymyzyň geljegi barada çuňňur pikirler jemlenýär. Bu ajaýyp kitaplardaky pikirler, ýaşlaryň öz Watanlaryny söýmegi, milli mirasyny gorap saklamagy üçin ýol görkeziji bolup hyzmat edýär.

Gezelenjiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen halkyna peşgeş berýän ajaýyp kitaplarynyň höwri köp bolup, döwlet galamy elmydama ýiti bolsun diýip ýagşy arzuw etdiler.