Ýakynda Ahal welaýat kitaphanasy bilen Mary welaýat kitaphanasynyň arasynda sanly ulgam arkaly «Altyn asyr» teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde döredijilik duşuşygy geçirildi.
Döredijilik duşuşygy Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti, «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi ýazyjy Döwrangeldi Agalyýewiň gatnaşmagynda geçirildi. Sanly ulgam arkaly geçirilen döredijilik duşuşygyna Mary welaýatyndan «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijisi şahyr Muhammetjuma we welaýat kitaphanalaryň okyjylary gatnaşdylar. Duşuşygyň myhmanlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy döredijilik işgärleriniň uly höwes bilen gurşalýandygyny, olaryň döredijilikli zähmet çekmegi ugrunda ähli şertleriň döredilýändigini aýdyp ata Watanmyzyň ösüşdir özgertmeleriniň ýazyjy-şahyrlaryň kalbyny joşduryp, ýüregine ylham berýändigi we täze-täze eserleri döredip, döwrümiziň waspyny ýetirmäge ruhlandyrýandygy dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler.
Döredijilik duşuşygyna Mary welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçy hünärmenleriniň hem goşulmagy onuň täsirliligini has-da artdyrdy. Duşuşygyň myhmanlary öz döreden goşgularyny okap, Ahal we Mary welaýat kitaphanasynyň okyjylarynyň gyzyklandyrýan sowallaryna jogap berdiler. Duşuşygyň dowamynda ýaşlaryň birnäçesiniň duşuşygyň myhmanlarynyň eserlerinden bölekleri ýatdan aýtmaklary bolsa, duşuşyga baý many-mazmun goşdy. Welaýat kitaphana hünärmenleriniň we okyjylaryň gatnaşmagynda geçirilen duşuşygyň çäginde kitap sergisi hem guraldy. Bu kitap sergisinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyyň kitaplaryna, duşuşygyň myhmanlarynyň dürli ýyllarda çap edilen neşirlerine uly orun berildi. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda geçirilen döredijilik duşuşygy öz täsirliligi bilen ýatda galdy.