Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphanasy “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak“ ýylynda bellenilen meýilnama esasynda “Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň eserleri ýaşlaryň ýol-ýörelgesidir” atly şygar astynda kitap sergisi maslahat duşuşygy geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplaryndan düzülen kitap sergisi esasan hem talyp ýaşlaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň kämil bilim we terbiýe almaklary üçin ähli şertleri we mümkinçilikleri döredýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz :”Biz bilim ulgamynda ruhy taýdan kämil, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemek boýunça netijeli işleri alyp barýarys” diýip belleýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza sowgat berýän ylmy-ensiklopedik we çeper eserleri ýaşlara durmuş tejribesini bermekde nazary we usulyýet esaslary bolup hyzmat edýär. Çäräniň dowamynda kitaphana hünärmenleri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atalyk kitaplaryndan parasatly jümleleri gürrüň berdiler. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabyndaky ynsaplylyk, agzybirlik, dostluk – asylly ýörelge, şeýle hem “Manysyny tirmegi okyja goýan rowaýatlarym” atly bölümlerinden gyzykly rowaýatlar aýdyldy we talyplar hem öz gezeginde bu kitapdaky many-mazmunly rowaýatlaryň özlerinde galan täsirlerini terbiýeleýjilik ähmiýetini beýan etdiler. Ata-babalarymyzdan gelýän şeýle parastly jümle bar: ” Ata göreldesi-ogla, ene göreldesi gyza ýörelge”. Oglan çaganyň kakadan mertlige, lebizliligi, ygrarlylygy, durmuşa çydamlylygy, bir sözlüligi... ýene-de kän zatlar öwrenip bilýär. Oglan çagalary şonuň üçin kakalaryna meňzemäge çalyşýarlar. Türkmen maşgalasynda gyz çaganyň hem eneden öwrenmeli zatlary örän köp. Bu barada Alym Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň: ”Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabynda : “Enesini görde gyzyny al, gyrasyny görde bizini al” diýen türkmen nakylynyň üstünde kän duranymy bilmän galýaryn. Maşgalamyzda el hünäri türkmençiligiň bozulmaz kadasyna öwrülipdi. Ejem öz el işlerine söýgüsini mähirdir yhlasyny siňdirerdi. Elbetde, ejem gyz doganlarymyň uýalarymyň edep-terbiýesini-de birjigem ünsden düşürmeýärdi. Ejem uýalaryma öwüt berende , olara gatyrganmazdy, hiç haçan gygyrmazdy. Ýok, şu edeniň bolmandyram diýmezdi. Olara edebi öz hereketleri, oturyp-turşy, töwerege, adamlara gatnaşyklary bilen düşündirmäge çalşardy....” diýen parasatly jümleleri okap türkmen zenanlaryny gyz çaga nähili terbiýe bermelidiginiň görelde mekdebi bolup bolup durýandygyna magat göz ýetirmek bolýar. Pedagogika ylmynda hem terbiýe- ýaşuly nesliň ösüp gelýän ýaşlara öz durmuş tejribesini öwredip olary durmuşa taýýarlamagydyr diýip aýdylýar. Milli Lidermiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ”Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabyndaky ” Halk arasyndaky aýdylýan şeýle bir pähim bar : ”Bir ýyl öňüňi görjek bolsaň, däne ýetişdir. On ýyl öňüňi görjek bolsaň, bag ýetişdir. Ýüz ýyl öňüňi görjek bolsaň, terbiýeli nesil ýetişdir” Dogrudanam, kämilligiň gözbaşy-terbiýe. Terbiýe - bu hazyna. Onuň berekedi ýyllar geçdigiçe has artýar. Men döwlet sütünleriniň berk bolmagy üçin nesilleriň terbiýesi meselesine juda jogapkärli çemeleşmelidigimiz hakyndaky pikirimi ýene bir gezek nygtaýaryn” diýip perzet terbiýesi barada örän jaýdar jümleleri belläp geçýär. Perzent terbiýesinde ene-atanyň wezipesi gaty jogapkärçiligi talap edýär. Şonuň üçin ata-eneler, perzentlerimizi terbiýelemek Magtymguly akyldarymyzyň:
«Owwal, Magtymguly özüň düzetgil Özüňi sen özgelere göz etgil»
diýip, belleýşi ýal, perzendiňe görelde bolmaklyk üçin görelde alarlykly hereket etmek, gep sözünde edep-ekramynda, geýim-gejiminde, bir söz bilen aýdylanda hemme babatda nusga bolmagy başarmak gerek. Arkadagly Gahryman Serdarymyz “Ýaşlar-Watanyň daýanjy” atly kitabyndaky “Beýik işler bilime daýanýar, bilim bolsa terbiýe bilen geçmeli gymmatlykdyr. Biziň halkymyz kitaphon halk. Kitap okalyp, onuň mazmuny köpçülige ýetirilensoň, ol ruhy baýlyga öwrülýär. Kitapdan okalan, öwrenilen gymmatly bilimler hem terbiýäniň üsti bilen geljekki ýaşlara geçirilýär” diýip örän jaýdar belleýär. Çäräniň dowamynda onda çykyş bilim öwrenmekde, edep-terbiýeli, kämil nesiller bolup ýetişmekde kitap okamagyň ähmiýetiniň uly oryn eýeleýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň çäksiz minnetdarlyklaryny aýtdylar.
Maral NURYÝEWA
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphana müdiri