logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Gahryman Arkadagymyzyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitaby esasynda gürrüňdeşlik

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Ýaşlyk” teleýaýlymy bilen bilelikde Gahryman Arkadagymyzyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitaby hakynda ýazgy edildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty has belende galdy. Gahryman Arkadagymyzyň “Ahalteke bedewi-biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, ”Atda wepa-da bar, sapa-da” ”Gadamy batly bedew” atly kitaplary hem bedewlerimiziň şan-şöhratynyň has-da belende galýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Teleýazgyda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň ”Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitabynyň bölümleri dogrusynda, şeýle hem türkmen bedewlerimiziň gözelligi, at üstündäki oýunlar we daşary ýurtlarda geçirilýän ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip görenleri haýrana goýuşlary hakynda giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetleriniň soňunda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.