Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Arkadag şäher geňeşiniň, gurnamagynda «Gahryman Arkadagymyzyň eserleri göwnümiziň ganaty» atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik gurnaldy.
Söhbetdeşligiň başynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe sürýän döwlet başlangyçlary esasynda ýurdumyzda ähli ugurlarda uly üstünlikler gazanylýar. Ýaňy ýakynda hem Alym Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan syzylyp çykan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly düýpli ylmy işiniň XVII jildiniň şeýle hem «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly ajaýyp kitaplarynyň çapdan çykanlygy uly buýsanç bilen beýan edildi. Çykyşlaryň dowamynda bu kitabyň ähmiýeti dogrusynda şeýle hem bu kitabyň dürli dillerde terjime edilip dünýä döwletleri üçin hem gollanma mekdebi boljakdygy hakynda giňişleýin gürrüňler edildi.
Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň galamynyň ujynyň ýiti bolmagyny, Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza ähli ugurlarda okamana, döretmäge, işlemäne, döredip beren giň mümkinçilikleri üçin alkyş sözleri aýdyldy.