Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň bilelikde guramagynda “Gahryman Arkadagymyzyň eserleri göwnümiziň ganaty” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan dörän ajaýyp eserleri bütin türkmen halky üçin, aýratyn hem ýaş nesillerimize ýol-ýörelge, gollanma mekdebi bolup durýandygy hakynda çykyş etdiler. Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň her birinde Watansöýüjilik, ata-enä hormat goýmak, ulyny-kiçini sylamak, halallyk, bir sözlilik ýaly türkmene mahsus bolan milli terbiýe, öwüt-ündewleri içinden eriş-argaç bolup geçýändigi hakynda giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.