logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ ESERLERINIŇ TERBIÝEÇILIK ÄHMIÝETI

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda «Gahryman Arkadagymyzyň eserleriniň terbiýeçilik ähmiýeti» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp eserleri şu günki günümiziň eýeleri bolan ýaş nesillerimiziň bilimini artdyrmakda, dünýägaraýşyny baýlaşdyrmakda, zähmetsöýerlik, Watana, halka wepalylyk, geçmişimize, şu günümize buýsanç ruhunda terbiýelemekde ähmiýetiniň örän ulydygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda bize şeýle ajaýyp eserleri peşgeş berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.