logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ ESERLERI–ÝAŞLARA PAÝHAS MEKDEBI

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasynyň bilelikde guramagynda «Gahryman Arkadagymyzyň eserleri–ýaşlara paýhas mekdebi» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitaby, dünýäniň lukmançylyk ylymlarynynyň ösüşine we türkmen tebigatymyzda bitýän 107 sany dermanlyk ösümlikler barada maglumat berilýändigi hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de kitap diňe bir türkmen tebigatynda bitýän ösümlikler dünýäsiniň ynsanlara şypa beriji dermanlyk häsiýetini ylmy taýdan esaslandyrman, eýsem, onda ösümlikleriň kesel bejerijilik we keselleriň öňüni alyjylyk häsiýetleri hem açylyp görkezilendigi barada söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda şeýle ajaýyp kitaplary türkmen halkyna peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.