logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ GERMANIÝA FEDERATIW RESPUBLIKASYNYŇ FEDERAL PREZIDENTI BILEN TELEFON

30-njy aprelda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Gahryman Arkadagymyz we Federal Prezident Frank-Walter Ştaýnmaýer birek-biregi mähirli mübärekläp, Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesine kanagatlanma bildirdiler.

Türkmen halkynyň Milli Lideri telefon arkaly söhbetdeşlik üçin GFR-iň Federal Prezidentine minnetdarlyk bildirip, oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyz «Merkezi Aziýa-Germaniýa» formatynda geçirilen sammitiň çäklerindäki duşuşygyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.

Frank-Walter Ştaýnmaýer hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli we uzak möhletleýin esasda ösdürilýändigini belledi hem-de hormatly Prezidentimize iňgowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmenistan Germaniýa bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär. Gatnaşyklaryň hukuk binýady ikitaraplaýyn resminamalaryň 100-e golaýy bilen berkidildi diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi. Ýurtlarymyz iri halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, BMG-niň, ÝB-niň, ÝHHG-niň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Özara syýasy gatnaşyklaryň baý tejribesi toplandy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz Türkmenistanyň Bitaraplygyny we halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin german tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

BMG-niň Baş Assambleýasy ýurdumyzyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etdi. Döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, halkara guramalaryň ýolbaşçylarynyň derejesinde 12-nji dekabrda Aşgabatda geçirilmegi meýilleşdirilýän forum ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli geçiriljek esasy çäreleriň biridir diýip, Milli Liderimiz aýtdy we bu halkara maslahata Prezident Frank-Walter Ştaýnmaýeriň gatnaşmagyna ynam bildirdi.

«Türkmenistan» gazeti