Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Türkmenistan» teleýaýlymy bilen bilelikde Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri», hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly-dünýäniň akyldary» atly kitaplary hakynda tegelek stolyň başynda söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler: Şu iki gymmatly kitabyň many-mazmuny şeýle hem şu kitaplarda açylyp görkezilýän pederlerimiziň ýol-ýörelgesi hakynda giňişleýin söhbet etmek bilen bu ajaýyp kitaplaryň durmuş mekdebidigi, olaryň ýaşlary terbiýelemekde, olaryň wagtynda ylym-bilim almagy hünär saýlamagynda hem uly ornunyň bardygyny nygtadylar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler sözleriniň ahyrynda agzybir türkmen halkyny beýik Pyragynyň arzuwlan zamanasynyň eşretlerinde ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan beýik işleriniň mundan beýläk hem rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler!