logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary esasynda gürrüňdeşlik

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki “Ýaşlyk” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde «Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary esasynda» wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasynyň miwesi bolan ajaýyp kitaplary, türkmen halkynyň kitap baýlygynyň has-da baýlaşmagyna saldamly goşant goşup, türkmen halkynyň milli ruhy-medeni gymmatlyklaryny we ýörelgelerini gaýtadan dikeltmekde we ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolýandygy şeýle-de bu gymmatly kitaplaryň diňe bir türkmen dilinde däl, eýsem rus, iňlis we dünýäniň dürli dillerinde neşir edilmegi dünýä jemgyýetçiliginde, adamzadyň aňyýetinde uly gyzyklanma döredýändigi barada giňişleýin çykyş etdiler.

Çäräniň ahyrynda ýaş nesilleriň şeýle ajaýyp mekanda dynç almaklary, wagtlaryny täsirli hem-de gyzykly geçirmekleri babatda ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.