logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ KITAPLARY GELJEGE ŞAMÇYRAGDYR

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary geljege şamçyragdyr» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alym Arkadagymyzyň döredijilik zehininiň miwesi bolan ajaýyp kitaplarynyň terbiýeçilik ähmiýetiniň ulydygyny, şeýle hem halkyň kalbynyň nuruna öwrülip, geljekki ýaş nesillere edebi miras, aýdyň ýol, her bir işde uly gollanma hem-de maglumat çeşmesi bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly ajaýyp eserinden birnäçe atalar sözüni, türkmen bedewlerine degişli birnäçe gyzykly maglumatlary okap berdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda şeýle gymmatly eserleri halkymyza peşgeş berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.