Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasynda «Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary, nesillere nusgalykdyr» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde türkmen halky gadymdan bäri kitaba gadyr-gymmat goýýandygy, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplary ýaşlarymyza bahasyna ýetip bolmajak milli gymmatlyk bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle hem Alym Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitaby merdana halkymyzyň paýhasly ýoluny we olaryň dünýägaraýyşlaryny öwrenmekde möhüm orun eýeleýändigi barada gürrüň berdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda ýurdumyzyň geljegini ösüşli menzillere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.