Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasy, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi Ylmy kitaphanasynyň bilelikde guramagynda “Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary – ýaşlara nusgalyk mekdep” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çykyş edenler Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplary köp öwüşginli many-mazmuny bilen gymmatly gollanma, ýol-ýörelge bolup durýandygy hakynda beýan etdiler. Bu eserler diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem bütin dünýä okyjylarynyň uly gyzyklanmasyna, halklaryň arasyndaky dost-doganlyk, parahatçylyk we medeni gatnaşyklara eýe bolup durýandygy hakynda giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.