Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki “Beýik Serdar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde okuw-tejribeçilik sapaklaryny geçýän talyplarynyň arasynda Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabyndan sesli okaýyş geçirildi.
Çärede Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp eserleri ýaş nesillerimiziň bilimini artdyrmakda, dünýägaraýşyny baýlaşdyrmakda, zähmetsöýerlik, Watana, halka wepalylyk ýaly milli ruhda terbiýelemekde gymmatly gollanma bolup durýandygy hakynda beýan etdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly ajaýyp eseriniň many-mazmuny hakynda we eseriň “Watan-enäniň kalby” atly bölümindäki mähriban ene-atalaryň we halkymyzyň ömür ýoly, Watana bolan söýgi hem-de mukaddes maşgala ojagy hakynda çuňňur beýan edilýän manyly setirlerden giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň ahyrynda türkmen halkyny ýagty geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.