Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda, Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmen alabaýy” atly kitaby esasynda gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmen alabaýy” atly ajaýyp eserinde, türkmen alabaýynyň taryhy, gelip çykyşy hem-de häzirki wagtda durmuşdaky orny baradaky söhbetleriň, hekaýalaryň üsti bilen giňişleýin beýan edilýändigi nygtaldy. Şeýle hem, öýüň, süriniň sak goragçysy, çopanlaryň ýakyn kömekçisi, wepaly ýoldaşy alabaýlar hakynda täsirli gürrüňler berdiler.
Çäräniň ahyrynda türkmen alabaýlarynyň şöhratyny dünýä ýaýmakda uly işleri amala aşyrýan, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.