logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ TÜRKMEN-AWSTRIÝA JEMGYÝETINIŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYGY

9-njy aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger bilen duşuşdy.
Hanym Neda Berger duşuşmaga wagt tapandygy üçin türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyzyň dostlukly ýurda şu gezekki saparynyň döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmagyň hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ýolunda möhüm ädim boljakdygyny belledi.