Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitaplary esasynda gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy ensiklopedik kitabynda ýurdumyzda bitýän dermanlyk ösümlikleriň ylmy esasda öwrenilip, halk lukmançylygynda giňden ulanylýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy ensiklopedik kitaplarynda adam saglygyna peýdaly we dürli kesellere melhem bolýan dermanlyk ösümlikleriň häsiýetleri we aýratynlyklary giňişleýin beýan edilendigi dogrusynda hem çykyş etdiler.
Çäräniň ahyrynda Watanymyzyň asudalygy, il-günümiziň sagdyn ýaşamagy üçin uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.