logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «TÜRKMENISTANYŇ DERMANLYK ÖSÜMLIKLERI» ATLY KITABYNDAN

GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «TÜRKMENISTANYŇ DERMANLYK ÖSÜMLIKLERI» ATLY KITABYNDAN

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň bilelikde guramagynda Arçabil şaýolunyň ugryndaky seýilgähde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitaby esasynda söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyzda raýatlarymyzyň saglygyny gorap saklamak esasy wezipeleriň biri bolup durýandygy, berk bedenli sagdyn nesilleriň kemala gelmegi ugrunda bimöçber aladalar edilýänligi barada söhbet etdiler. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitaplarynda beýan edilen gözel tebigatymyzda ösýän birnäçe melhem otlarynyň hem ynsan saglygyna uly täsiriniň bardygy dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkyny eşretli durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.