logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «TÜRKMENISTANYŇ DERMANLYK ÖSÜMLIKLERI» ATLY YLMY-ENSIKLOPEDIK KITABYNYŇ XVII JILDI ESASYNDA

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň guramagynda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň XVII jildi esasynda gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ensiklopedik kitaby bütin türkmen halky üçin, aýratynam saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşine ebedi hyzmat etjek genji-hazyna öwrülendigi barada buýsanç bilen gürrüň berdiler. Şeýle-de alym Arkadagymyzyň dermanlyk ösümlikleri barada häzirki zaman lukmançylygynyň dünýä tejribesinde gazananlarynyň üstüni ýetirýändigi, ýurdumyzda bitýän dermanlyk ösümlikleriniň ylmy esasda öwrenilişi, olaryň melhemlik häsiýetleri bu kitapda giňden beýan edilýändigi hakynda beýan etdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda ýurdumyzy sagdynlygyň mekanyna öwürýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.