logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ ÝEWROPADA HOWPSUZLYK WE HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYGY

11-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Feridun Sinirlioglu bilen duşuşdy.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli çärelere gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Şeýle hem ÝHHG-niň Baş sekretary Gahryman Arkadagymyzy bu şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlap, Bitaraplyk ýyllarynda Türkmenistan tarapyndan parahatçylygy ilerletmek boýunça uly işleriň bitirilendigini belledi.

Milli Liderimiz ÝHHG-niň Baş sekretaryny mähirli mübärekläp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek halkara foruma ählumumy parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek, ynsanperwerlik ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm syýasy waka hökmünde garalýandygyny aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmek üçin halkara giňişlikde işjeň hyzmatdaşlygyň tarapdary bolup çykyş edýär. Bu ugurda ýurdumyz Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň çäklerinde tagallalary utgaşdyrmaga aýratyn üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagtda Türkmenistan bilen bu guramanyň arasyndaky gatnaşyklaryň netijeli häsiýeti bellenildi. Gahryman Arkadagymyz energiýa serişdeleriniň baý gorlaryna eýe bolan ýurdumyzyň halkara energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde anyk işleri durmuşa geçirýändigini aýdyp, Türkmenistanyň sebitde parahatçylygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak üçin ÝHHG bilen hyzmatdaşlygy anyk ugurlar boýunça giňeltmäge taýýardygyny tassyklady.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.


«Türkmenistan» gazeti