Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bilelikde guramagynda «Gahryman Serdarly Türkmenistanym – Garaşsyzlyk waspy dilde dessanym» ady bilen aýdym-sazly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Garaşsyzlyk ýyllarynda milli medeniýetimizi, edebiýatymyzy, sungatymyzy we taryhy mirasymyzy öwrenmäge hem-de geljekki nesillere ýetirmäge ähli mümkinçilikleriň döredilendigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplary Watanmyzy, mukaddes Garaşsyzlygymyzy, milli medeniýetimizi wasp edýän birnäçe aýdymdyr-sazlary ýerine ýetirdiler, bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.
Çäräniň ahyrynda Berkarar diýarymyzy beýik ösüşler, ynsanperwer ýörelgeler bilen öňe alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.