logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylan 2026-njy ýylda ýurdumyz halkara çärelerine, toý-baýramlara, şatlykly wakalara beslenýär. Agzybir halkymyzyň köňül arzuwynyň dabaralanmasyna öwrülen şunuň ýaly çuň mazmunly şygar bilen atlandyrylan bu ýylda, eziz Watanymyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramyny bedew batly uly ösüşler bilen toý-baýrama beslär. Şanly Garaşsyzlygymyz ýurdumyzyň sarsmaz binýady, halkymyzyň eşretli durmuşynyň gözbaşydyr. Ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde geçirilýän medeni çäreler dost-doganlyk gatnaşyklarymyzyň has-da berkeýändigini, medeniýet diplomatiýasynyň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen açyp görkezer.

«GAHRYMANLAR UNUDYLMAÝAR» ATLY SERGI

Hakyda milletiň durmuşynyň aýrylmaz ruhy çeşmesidir. Ol nesilleri birleşdirýän, göze görünmeýän, mäkäm baglanyşykdyr we diňe bir däp-dessurlary aýawly saklamaga däl-de, eýsem, taryhy tejribäniň binýadynda täze durmuşy gurmaga, gelejegi döretmäge mümkinçilik berýär. Öz şirin jany bilen Watanyň azatlygyny goran gahrymanlara, öz ruhy mukaddesliklerine hormat-sarpa goýmak, milli mirasy, halkymyzyň şöhratly taryhynyň aýdyň subutnamalary bolan taryhy künjekleri aýawly gorap saklamak asylly ýörelgedir.

Her ýylyň 6-njy oktýabrynda Hatyra güni hem bellenilýär. Hatyra güni milletimizi birleşdirýär we jebisleşdirýär. Öten-geçenleri ýatlamak dessury türkmen halkynyň gadymy ynsanperwer ýörelgeleriniň hatarynda aýratyn orun eýeleýär. Bu gün türkmenistanlylar Watanymyza hyzmat etmegiň deňsiz-taýsyz nusgasyny görkezen gahrymanlaryň öňünde baş egýärler, häzirki wagtda ýaşap ýören weteranlara hem-de wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna çuňňur hormat-sarpa goýýarlar, urşuň yzynda galan eneler hakyky hormat-sylag, alada bilen gurşalandyr.

Ýaşlarymyza görelde almaga ajaýyp nusgalar bardyr-Watanymyzyň azatlygy we garaşsyzlygy ugrunda göreşen edermen we gaýduwsyz ata-babalarymyzyň şöhratly işleri halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy. Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde “Gahrymanlar unudylmaýar” atly sergi gurnaldy. Bu sergä Arkadag şäheriniň ýaşaýjylary, il-ýaşulylary we kümüş saçly eneler hem-de Jemgyýetçilik guramalarynyň we başga-da Arkadag şäherinde zähmet çekýän hünärmenler bu serginiň hormatly myhmanlary boldular. Sergide uruş-döwrüni suratlandyrýan we gaýduwsyz söweşen gahrymanlarymyzy görkezýän surat eserleri, ene-mamalarymyzyň gadymy çyrpylarydyr, zergärçilik sungatyna degişli gadymy şaý-sepleri we ýigitlerimiziň uruş esbaplary we birnäçe muzeý gymmatlyklary sergilenen.

Ak ertirlere alyp barýan, asuda we parahat ýurtda ýaşamana, halal zähmet çekmäne uly mümkinçilikleri döredip berýän, türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Goý, türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri hemişe üstünliklere, rowaçlyklara beslensin!