Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şanly senelere beslenýän günlerinde Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen dabaraly çäreler uly depginde alnyp barylýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bu şanly senä bagyşlanyp, gazaply uruşda şirin janlaryny aýaman mertlerçe söweşen gaýduwsyz ýigitlerimiziň hatyrasyna uruş döwrüniň wakalaryny şöhlelendirýän söhbetdeşlikler, aýdym-sazly duşuşyklar, sergiler geçirilýär.
Ýaş nesilleriň kalbynda çuňňur watançylyk duýgusyny oýarýan ýürekleri buýsandyryjy bu taryhy waka diňe bir Türkmenistan ýurdumyzda däl, eýsem dünýä döwletlerinde hem giňden bellenip geçilýär. Şeýle buýsançly wakalaryň hatarynda ýaňy ýakynda Russiýa Federasiýasynyň paýtagty bolan Moskwa şäherinde Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli geçirilen gala konsertini aýtmak bolar. Onuň çäginde Garaşsyz Döwletler Arkalaşygynyň agza ýurtlarynyň gatnaşmagynda birleşen ýaşlaryň uly horunyň ilkinji çykyşynyň gurnalmagy, şol çykyşda Türkmenistan döwletimizden Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagy bolsa, täze taryhy döwrümizde dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da berkitmekde möhüm ähmiýetli wakalaryň birine öwrüldi.
Birleşen ýaşlaryň uly horuny döretmek boýunça başlangyçlara 2024-nji ýylda GDA-nyň agza ýurtlarynyň Sankt-Peterburgda geçirilen medeni hyzmatdaşlyk geñeşiniñ mejlisinde badalga berilipdi. Onuň ilkinji çykyşy hem Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çäreleriň hatarynda meýilleşdirildi. Taslamanyň ýolbaşçysy hökmünde bolsa, Gnesinler adyndaky sazçylyk akademiýasynyň rektory Aleksandr Ryžinskiý bellenildi. Şol bir wagtda konsertde ýerine ýetiriljek eserleriň meýilnamasy hem öňünden taýýarlanyldy.
Beýik Ýeňşi dabaraly ýagdaýda bellemek babatynda taýýarlyk işleri uzak wagtyň dowamynda uly depginde alnyp baryldy. Dünýä döwletleriniň medeniýet hem sungat işgärleriniň, aýratyn hem ýaşlaryň irginsiz zähmeti konsert çykyşlarynda özüniň mynasyp ornuny gazandy. 250 adamdan ybarat bolan hor topary Beýik Ýeňşiň belentden dabaralanýan pursatlarynda “Священная война” (“Mukaddes uruş”), “Колокола” (“Jaňlar”) gimni we “День Победы” (“Ýeňiş güni”) ýaly aýdymlary uly ruhubelentlik bilen ýerine ýetirdiler. Moskwa şäheriniň Kreml meýdanynda şatlyk-şowhuna beslenen konsert tomaşaçylar köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşy alyndy.
Ýer ýüzünde şunuň ýaly mukaddes işleriň üstünlikli amala aşyrylmagy bilen bütin adamzadyň asuda hem parahat durmuşy, azatlygy hem abadan geljegi ugrunda janyny pida eden merdana gerçekler hatyralanylýar, Beýik Ýeňşi gazanmaga uly goşant goşan watandaşlarymyz uly hormat bilen ýatlanylýar.
Jeýran JORAÝEWA
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyby