Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň guramagynda Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyplarynyň gatnaşmagynda Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli «Gahrymanlaryň belent sarpasy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde çykyş edenler Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan diýarymyzda Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygynyň şan-şöhrata beslenip uly dabara bilen bellenilip geçilýändigi, ata-babalarymyzyň Beýik Watançylyk urşunda görkezen gahrymançylygy hakyky mertligiň nusgalyk mekdebi bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de türkmen gerçekleri edermenligiň, batyrlygyň, gaýduwsyzlygyň ajaýyp nusgasyny görkezip, ýaş nesillerimiz üçin görelde mekdebi bolup durýandygy barada belläp geçdiler.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda halkymyza bagtyýar, asuda ýaşaýşy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.