logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

GAHRYMANLARYŇ ESERLERI PÄHIM-PAÝHAS ÇEŞMESI, BAGTYÝAR TÜRKMEN ÝAŞLARY NESIHATYŇ TEŞNESI!

GAHRYMANLARYŇ ESERLERI PÄHIM-PAÝHAS ÇEŞMESI, BAGTYÝAR TÜRKMEN ÝAŞLARY NESIHATYŇ TEŞNESI!

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş Uniwersiteti we Döwlet kitaphanasy bilen bilelikde «Gahrymanlaryň eserleri pähim-paýhas çeşmesi, bagtyýar türkmen ýaşlary nesihatyň teşnesi!» atly söhbetdeşlik.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş Uniwersiteti we Döwlet kitaphanasy bilen bilelikde «Gahrymanlaryň eserleri pähim-paýhas çeşmesi, bagtyýar türkmen ýaşlary nesihatyň teşnesi!» ady bilen tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Bu söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ruhy gymmatlygymyzyň genji-hazynasy bolan kitabyň ýaş nesillerimiz, talyplarymyz tarapyndan uly söýgi bilen okalýandygy,ylaýtada olaryň Gahryman Arkadagymyzyň durmuş mekdebi bolan gymmatly kitaplaryny ,biziň şu günki bagtyýar ýaşlarmyz we talyplarymyz üçin uly pähim-paýhas we durmuş mekdebidigini,ýaşlarda Watany söýmekligiň, özüňde iň ýagşy gylyklary terbiýelemekde, kitaby söýmekde, ylym-bilim almakda bu gymmatly kitaplaryň belli bahasy ýoklygy barada söz açyp giňişleýin nygtadylar. Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna uly sarpa goýup,olary dünýä ýaýmakda nusgalyk işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden buýsançlaryny beýan etdiler.