logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

«GALDYMY»

«GALDYMY»

Çarhyň maňa bermedik jebir-jepasy galdymy?!

Hassa köňlüm çekmedik derdi-belasy galdymy?!


Meni şeýle horlukda goýdy alan terbiýäm,

Pany jahanyň indi özge islegi galdymy?!


Jepadyr-jebri bilen meni ýykdy ol pelek,

Indi turuzmak üçin mähri-wepasy galdymy?!


Aşyk bolan gördüm ony özüme, eý dostum,

Bu älemde köňlümiň özge horlugy galdymy?!


Eý, köňül, kylma aýp, Babyr ol älemi islär,

Taňry üçin-de bu älemiň sapasy galdymy?!


                     «TAPYLMAZ»

Sen dek maňa şeýle bir ýar jepakär tapylmaz,

Men dek saňa şeýle bir ýar wepadar tapylmaz.


Bu görküň-görmegiň bilen hut hüýr-u-peri sen,

Ynsyň-jynsyň arasynda başga mukdar tapylmaz.


Bigänäleň göz alnynda ol ýar ýokdugy aýan,

Bu gamgyn köňül içre indi gamhor tapylmaz.


Eý, gül, meni zar etmegil husnuň çemeninde,

Gözi ýumup-açynça indi gülzar tapylmaz.


Babyr saňa şoň üçin ýar diýdi, ýary bolgun,

Bu älemde kişige ýok eýsem, ýar tapylmaz.


Zahyreddin Muhammet Babyr

(Terjime eden A.Rejepow)