logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

GALKYNAN GÖWÜNLERIMIZIŇ GANATY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi “Galkynan göwünlerimiziň ganaty” atly söhbetdeşlik gurnady. Taryhyň çuňluklaryndan gelýän ahalteke bedewi türkmeniň ruhunyň keşbi, erkinlik nagmasy we dünýäde gaýtalanmajak sungatydyr. 2026-njy ýyl “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan –bedew batly at myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edildi. Bu ýylyň başynda Monakoda geçirilen 48-nji halkara sirk festiwalynda “Galkynyş” toparynyň Bütindünýä sirk federasiýasy we Ýewropa assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalar gowşuryldy. Bu bolsa bedewlerimiziň abraýyny belende galdyrdy. Türkmen ýigidiniň ýoldaşy hasaplanan ahalteke bedewi asylylygy, dury gözleri we altyn öwüşgini bilen tebigy gudratdyr. Seýisler oňa öz çagasy ýaly mährini berip, gyz-gelinler ýaly bezäpdirler. Bedew keşbi halyda, aýdym-sazda we sungatda öz ornuny tapýar. Magtymguly Pyragy we Seýitnazar Seýdi ýaly şahyrlar bedewi wasp edipdirler. Bedew keşbi halyda, aýdym-sazda we sungatda öz ornuny tapýar. Häzirki wagtda Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen atçylyk ösdürilýär. Türkmen bedewleri parahatçylygyň we dostlugyň nyşanydyr. Onuň bady–döwletiň bady, sarpasy- halkyň sarpasydygy barada söhbetdeşlige gatnaşan kitaphanaçylar söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda işlemäge, döredijilikli zähmet çekmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän, döwletli işleriň sakasynda duran türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, başlarynyň dik bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.