logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

GALKYNAN GÖWÜNLERIŇ TELWASY SIZ GALKYNYŞ

GALKYNAN GÖWÜNLERIŇ TELWASY SIZ GALKYNYŞ

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Çoganly şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Galkynan göwünleriň telwasy siz Galkynyş» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako Knýazlygynyň paýtagty Monte-Karloda geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynyň Altyn baýragyna mynasyp bolmagy, külli türkmen halkynyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzyň ýeňişlere beslenjek menziliniň badalgasyna öwrülendigi barada bellediler. Şeýle-de at-owazasy äleme dolan türkmen bedewleri halkymyzyň atşynaslyga, atçylyk sirk sungatyna näderejede ähmiýet berilýändigi barada uly buýsanç bilen beýan etdiler.

Gürrüňdeşligiň dowamynda gözellikde, ýyndamlykda deňi-taýy bolmadyk keramat saýylýan bedew atlar barada gurnalan kitap sergisi bilen tanyşdyryldy. Türkmen medeniýetini milli gymmatlyklarymyzy ösdürmekde ony dünýä ýaýmakda uly işler alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.