Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba medeniýet öýünde Ak bugdaý etap merkezi kitaphanasynyň we welaýatyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde gurnamagynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monakonyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalyna gatnaşyp gazanan üstünligine bagyşlap «Altyn asyr» teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» dünýä galkynyş paýlaýan ezber ýigitlerdir gyzlarymyzyň Pereň illerinde at dabradyp, dünýä şowhun salmagy, ýene bir gezek ykrar tapyp, Altyn baýraga we ýörite baýraklara mynasyp bolmagy her bir türkmeni buýsandyrdy diýip belläp geçdiler.
Behişdi bedewlerimiziň şöhratyny dünýä ýaýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, asylly ýoly mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünligidir! Şanly ýeňişleriň hatary mundan beýlägem uzap gitsin!