logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

«GALKYNYŞ» MILLI AT ÜSTÜNDÄKI OÝUNLAR TOPARYNYŇ 47-NJI HALKARA SIRK SUNGATY FESTIWALY

«GALKYNYŞ» MILLI AT ÜSTÜNDÄKI OÝUNLAR TOPARYNYŇ 47-NJI HALKARA SIRK SUNGATY FESTIWALY

Milli Liderimiziň beýik başlangyçlary bilen 2007-nji ýylda döredilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako Knýazlygynyň paýtagty Monte-Karloda geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolmagyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy hem öz buýsanjyny, begenjini goşmak bilen çäre gurnady. Bu çärämize ýurdumyzyň baýry atşynaslary hem gatnaşdylar. Olar hem öz gezeginde Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda atçylyga berýän ünsi barada giňişleýin gürrüňleri berdiler. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň baýraklarynyň yzy dowamly bolmagyny arzuw edýäris!

Şeýle mümkinçilikleri döredýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!