logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

«GALKYNYŞ» MILLI AT ÜSTÜNDÄKI OÝUNLAR TOPARYNYŇ ALTYN BAÝRAGA EÝE BOLMAGY

«GALKYNYŞ» MILLI AT ÜSTÜNDÄKI OÝUNLAR TOPARYNYŇ ALTYN BAÝRAGA EÝE BOLMAGY

Daşoguz welaýat kitaphanasynyň girelge eýwanynda 2025-nji ýylyň 03-nji fewralynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň» ilkinji günlerinde «Monte-Karloda»-da geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolmagy bilen ýurdumyzyň ähli ýerlerinde şowhunly dabaralar geçirilýär. Daşoguz welaýat kitaphanasynyň girelge eýwanynda 2025-nji ýylyň 03-nji fewralynda kitaphananyň syýasy-jemgyýetçilik edebiýatlary bölümi tarapyndan hem «Arkadagyň buýsanjy sen, Bedewim!» diýen at bilen guralan kitap serginiň öňünde söhbetdeşlik çäresi geçirildi. Bu söhbetdeşlik çäresine welaýatymyzyň ýaşuly wekilleri bilen bilelikde jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri gatnaşdylar. Bu geçirilen söhbetdeşlik çäresinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň bu ajaýyp ýeňşi barasynda gyzykly söhbetleriň üstünde durlup geçildi.Söhbetdeşlikde adymyzy, abraýymyzy dünýäde dabaralandyrýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar aýdyldy,olaryň janlarynyň sag,işleriniň rowaç bolmagy arzuw edildi.