logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

GALKYNYŞ TOPARYNYŇ BELENT ÜSTÜNLIGI

GALKYNYŞ TOPARYNYŇ BELENT ÜSTÜNLIGI

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi aKerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Galkynyş toparynyň belent üstünligi» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler bagtyýar günlerimizde, Gahryman Arkadagymyzyň Monako Knýazlygynda saparda bolan günlerinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Monte-Karloda geçirilen halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp bolandygy, munuň özi ýurdumyzda Milli Liderimiziň başlangyjy bilen täzeden dikeldilen türkmen sirk sungatynyň uly üstünliklere beslenýändiginiň, dünýä derejesine çykýandygynyň aýdyň güwäsine öwrülendigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen medeniýetini we sungatyny ösdürmekde, dünýä ýaýmakda döredip berýän uly mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.