logo

TÜRKMENISTANYŇ
MEDENIÝET MINISTRLIGI

logo
header-bg
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramy giňden bellenilýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda halkara derejede festiwallar, konsertler we beýleki medeni çäreler yzygiderli geçirilýär. Medeni diplomatiýamyzyň giň gerimini, köpugurlylygyny alamatlandyrýan bu tagallalar dünýäde ählumumy parahatçylygyň, agzybirligiň dabaralanmagyna, halklaryň arasynda özara ynanyşmak we dost-doganlyk ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna hem uly goşant goşýar.

GALKYNYŞYŇ GANATLY GADAMLARY

Geçmişde şan-şöhrata eýe bolan döwletimiziň, halkymyzyň taryhyny, medeniýetini, sungatyny we edebi mirasyny öwrenmek Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe esasy wezipeleriň biridir. Lebap topragynyň çäklerinden akyp geçýän dürli döwürlerde, dürli atlar bilen tanalan, Amyderýanyň kenarlarynda ösen şäherler, obalar, galalar döräpdir. Şeýle gadymy ýadygärliklerde arheolog alymlar tarapyndan gazuw-agtaryş we ylmy barlag işleri geçirilende, taryhyň dürli eýýamlaryna, asyrlaryna degişli täsin milli gymmatlyklar, tapyndylar we maglumatlar ýüze çykaryldy. Şol tapyndylar gadymy we orta asyrlar döwründe ýaşan halklaryň ýaşaýşynyň, medeniýetiniň, sungatynyň has gadymylygyna doly göz ýetirmäge ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz halkymyzyň medeni mirasyny öwrenmek hem-de taryhy-medeni ýadygärliklerde ylmy barlag işlerini geçirmek babatda yzygiderli işleri dowam etdirmegiň wajypdygyna mydama ünsi çekýär we bu babatda ýurdumyzyň arheologlary we etnograflary tarapyndan ylmy gözlegleriň netijesinde uly işler amala aşyrylýar. Gazuw-agtaryş işleri döwründe tapylan täze ýüze çykarylan arheologik tapyndylaryň arasynda bedewleriň heýkelleriniň bolmagy has-da täsirlidir we olaryň birnäçe görnüşi Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine tabşyryldy. Şeýle işleriň geçirilmeginiň esasy baş maksady milli mirasymyzy giňden öwrenmekden we wagyz etmekden, halkymyzda gymmatly tapyndylary ýakyndan tomaşa etmäge, tanyşmaga, pederlerimizden bize miras galan baýlyklaryna buýsanmaga we öwrenmäge uly mümkinçilikleri döredýär. Şol gymmatlyklary ylmy taýdan çuňňur öwrenmek,geljekki nesillere öz durkynda ýetirmek maksady bilen aýawly saklamak, wagyz etmek ugrunda ylmy taýdan uly işler geçirilýär.

Bu günki gün gamyşgulak, ýelden ýüwrük, gözelligine taý gelmeýän ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhraty dünýä ýüzüne ýaň salýar. “Garaşsyz,baky bitarap Türkmenistan bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň ilkinji aýynda ýurdumyzyň buýsanjy bolan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynda Sirk sungatyna goşan goşandy üçin ýörite şahadatnamanyň gowşurylmagy diýseň buýsançlydyr. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary 2007-nji ýylda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy esasynda döredildi we bu toparyň gazanan bu üstünligi, türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň atçylyk sportyny ösdürmek boýunça başlangyçlarynyň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şu gün Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Lebap welaýat komiteti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat geňeşi , Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň Lebap welaýat komitetleri we muzeýiň bilelikde gurnamagynda ,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli hem-de eziz diýarymyzyň bedew batly ösüşleri dogrusynda dabaraly wagyz-nesihat maslahaty geçirildi.Duşuşygyň barşynda muzeý hünärmenleri tarapyndan gurnalan “Gadamy batly bedew – ösüşlerimiziň binýady” atly wagtlaýyn sergä tomaşa etdiler. Sergide muzeý gaznasynda saklanylýan milli gymmatlyklarymyz bolan bedew atlaryň ýapynjalary, torbalary, at esbaplary, toý–baýramlarda dakylýan owadan bezeg şaýlary giňden giňden ýaýbaňlandyryldy.Köp sanly tomaşaçylary özünde jemlän bu sergä gatnaşan ildeşlerimizde sergi ýakymly täsir galdyrdy. Sergi bilen tanyşlygyň barşynda Watanymyzyň bedew batly ösüşlerini pugtalandyrmakda, milli mirasymyza çäksiz sarpa goýýan, ýaş nesillerimizi Watançylyk ruhunda terbiýelemekde, şeýle hem Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýuny mynasyp garşylamak ugrunda zähmet çekmekde uly mümkinçilikler döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlar aýdyldy. Şan-şöhratly taryhymyzy milli mirasymyzy öwrenmäge ony halkymyzyň arasynda wagyz etmäge ähli mümkinçilikleri şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak belent başlary aman bolsun tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin !


Klyçewa Dinara

Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri