Ýurdumyzyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň, Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň hem-de Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkiniň sirk ussatlary, şu günler Azerbaýjanda haýran galdyryjy täsirli çykyşlaryny görkezýärler. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýylynda, sirk ussatlarymyzyň bu doganlyk ýurtda döredijilik saparynda bolmagy, iki halkyň medeni gatnaşyklarynyň pugtalandyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň hem-de beýleki sirk ussatlarymyzyň Hazar deňziniň kenarynda ýerleşýän «Circus Sea Breeze» sirkinde ýaýbaňlandyrýan çykyşlaryny köp sanly tomaşaçylar haýran galmak bilen synlap, ruhy lezzet alýarlar.
Geçen ýyl bu topar Monakonyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip, Altyn baýraga we beýleki ýörite baýraklara mynasyp boldy. Şu ýylyň başynda bolsa şol şäherde geçirilen nobatdaky halkara sirk sungaty festiwalyna Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň we Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň ýolbaşçylary hormatly myhman hökmünde gatnaşdylar. Şonda bu toparyň sirk sungatyna uly goşandy üçin ýurdumyzyň wekiliýetine Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalary gowşuryldy. Bu uly üstünlikler «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň hem-de ýurdumyzyň sirkleriniň artistleriniň köp ýyllaryň dowamynda gazanan ýeňişleriniň aýdyň ykrary bolmak bilen, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at–myradyň mekany» ýylynyň şygaryny özboluşly dabaralandyrýar. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň hem-de ýurdumyzyň sirkleriniň artistleriniň halkara sirk festiwallarynda gazanýan uly üstünlikleri agzybir türkmen halkynyň ruhy galkynyşyny belende götermäge, bagtyýar watandaşlarymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrmaga uly ýardam berýär. Bu toparyň agzybirligi, dostlugy, jebisligi, milli medeniýetiň gazananlaryny wasp edýän sirk tomaşalary millionlarça tomaşaçylaryň söýgüsini gazanýar. Dünýä belli ezber türkmen sirk artistleri ahalteke atlary bilen türkmeniň sirk sungatyny Ýer ýüzünde giňden tanadýarlar.
Bu meşhur toparyň Azerbaýjandaky ýokary ussatlyga eýe bolan çykyşlarynyň halkara derejede uly gyzyklanma döredýändigini, Gahryman Arkadagymyzyň atçylyk sportuny ösdürmek babatdaky başlangyçlarynyň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda has-da rowaçlanýandygyny aýdyň görkezýär. «Circus Sea Breeze» sirkiniň ajaýyp sahnasynda ýurdumyzyň sirk ussatlary tomaşaçylara ahalteke bedewlerinde çylşyrymly akrobatik hereketleri, at üstünde täsin oýunlary hem-de atşynaslyk sungatynyň gözelliklerini görkezýärler. Çapyksuwar bilen bedewiň sazlaşykly hereketi, ahalteke atlarynyň gözelligi, ýyndamlygy azerbaýjanly tomaşaçylary haýrana goýup, olarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Mundan başga-da, sirk sungatynyň ussatlary dürli sirk žanrlaryndaky çykyşlary görkezýärler. Ýurdumyzyň sirk ussatlarynyň dostlukly ýurtdaky çykyşlary 30-njy marta çenli dowam eder.
Taýýarlan: Ogulgurban GAŞLAKOWA,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Döredijilik işgärleri bölüminiň baş hünärmeni